Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Ybadatyň görnüşleri

Ybadatlar beden bilen, mal bilen hem-de beden we mal bilen bolup, esasan üç sany görnüşdedir:

1. Beden bilen berjaý edilýan ybadatlar:Beden bilen ýerine ýetirilýän ybadatlar diýmekdir. Namaz okamak, oraza tutmak ýaly. Beden bilen ýerine ýetirilýän ybadatlary her bir musulmanyň hut özüniň berjaý etmegi zerurdyr, başga birini wekil edip bilmez. Mysal üçin, haýsy bolsa hem bir adam başga biriniň ýerine namaz okamaz, oraza tutmaz. 

2. Mal bilen berjaý edilýän ybadatlar:Bular mal bilen ýerine ýetirilýän ybadatlardyr. Zekat, pitre sadakasy we gurbanlyk kesmek (huda-ýoly, aýdylan) ýaly . Mal bilen ýerine ýetirilen ybadatlarda wekil belläp, bu ybadaty berjaý etmek mümkindir. Baý bir musulmanyň zekatyny öz eli bilen garyp-gasara berip biljekdigi ýaly, wekil bellän adamynyň araçylygy bilen hem ony berip biler.

3. Hem mal, hem-de beden bilen edilen ybadatlar:Bu ybadatlar hem mal hem-de beden bilen ýerine ýetirilýän ybadatlardyr. Haç şeýle ybadatyň biridir. Haç özüne borç bolan adamyň bu ybadaty hut özi berjaý etmegi zerurdyr, başgasyny wekil edip bilmez. Ýöne baý bolsa haja gidip bilmejek ýagdaýda: hassa, agsak, syrkaw,näsag we garran bolsa, şeýle hem gitmegine päsgelçilik berip biljek geçirimli ýagdaýlary bar bolsa, onda öz ýerine başga birini iberip, hajylyk wezipesini berjaý etdirip biler.