Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » JUMA NAMAZY

Juma (anna) güni musulmanlar üçin bir mübärek gün hasaplanylýar. Juma namazy şertlerini özünde birleşdirýän adamlara gaýragoýulmaz parzdyr, parz-y aýndyr. Juma namazynyň parz bolşy kitap, sünnet we ijma bilen berkidilendir.

Mukaddes Gurhanda bu batda şeýle diýilýär:“Eý iman edenler! Juma güni namaza çagyrlan wagtyňyz (azan okalanda) derrew Allany ýatlamaga ylgaň, alyş-berişdir, söwdasatlygy goýuň. Eger aslyna göz ýetirýän bolsaňyz, elbetde bu siz üçin örän haýyrlydyr.”(Juma; 9.)

Täret alyp, metjide baran we juma namazyny okanlar hakynda Pygamberimiz şeýle diýipdir:

“Bir adam oňat täret alyp, soňra juma namazyna gitse, hutba diňläp, teşneligini gandyrsa, üç gün artygy bilen bu jumadan indiki juma çenli bolan wagt arasyndaky günäleri bagyşlanar.” (Müslim, Juma, 8.)

Juma namazyny taşlap, terk eden adamlar hakynda hormatly pygamberimiz örän peýdaly bolan bir duýduryş beripdir. Ebu Hüreýre we Abdylla ibn Omar Pygamberimiziň münbere (sekiniň üstüne) çykyp şeýle diýip aýdandygyny habar beripdirler:

“Haýsy hem bolsa bir köpçülik ýa-da juma namazyny taşlamakdan saklansynlar, bolmasa, Allatagala olaryň kalplaryny möhürlär welin, edil gapyl galanlara öwrülerler.” (Müslim, Juma,12.)

Juma (anna) güni musulmanlar üçin özboluşly bir baýramdyr. Bu gün suwa düşüp, ardynmak, dyrnaklaryňy kesmek, dişleriňi sürgülemek, hoşroý atyr sepinmek, arassa we täze eşikleriňi geýmek we soňra-da metjide gitmek mustehab hasaplanylýar. Azan okalan wagtynda, juma namazyny okamaklyga degişli bolan adamlar öz işlerini wagtlaýyn togtadyp, derrew metjide barmaklygy zerurdyr.

Juma namazynyň bir adama parz bolmaklygy üçin öňi bilen musulman bolmak, akylly bolmak, kämillik ýaşyna ýetmekden başga-da birnäçe şertleriň bolmagy hem zerurdyr.

Şol şertler juma namazynyň hem parz bolmagynyň hem-de juma namazynyň hakyky namaz hökmünde kabul edilmeginiň şertleri görnüşinde ikä topara bölünýär:

Juma namazynyň parz bolmagynyň şertleri

Bir adama juma namazynyň parz bolmaklygy üçin esasy alty sany şert zerurdyr:

1.      Erkek göbekli bolmak,

2.      Azat, erkin bolmak,

3.      Mukym, ýerli bolmak,

4.      Sagdyn, sagat bolmak,

5.      Batyl bolmazlyk,

6.      Aýaklary bitin bolmak.

Bu şertler özünde bolmaýan adama juma namazy parz däldir. Şeýlelikde, zenan maşgalalara, azatlykdyr erki öz elinde bolmaýanlara, ýolagçylara, hassalara, iki gözi batyl bolanlara, aýaklary bolmaýanlara juma namazy parz däldir. Ýöne beýle ýagdaýlarda olar metjide gelip, namaz okasalar, onda olaryň namazlary hakyky namaz hasaplanylar we şol günüň öýle namazynyň ýerine geçer.

Özlerine juma namazy parz bolmaýan hassanyň we ýolagçynyň juma namazyny okatmagy jaýyzdyr.

Hassa seredýän bir adam hassany taşlap, juma namazyna giden wagtynda, oňa zyýan ýeterinden, kynçylyk dörejeginden gorkýan bolsa, onda juma namazyna gitmän biler.

Metjide gidip bilmejek ýagdaýda hassa bolanlar bilen metjide giden halatynda hassalygynyň beterlejegine ýa-da gutulmagynyň uzak çekjekdigine, gözi ýetip gorkanlara-da juma namazy parz däldir. Ýöräp bilmejek görnüşdäki tapdan düşen ýaşulular-da şeýle hasaplanylýar.

Bir aýagy çonak bolan ýa-da ysmaz bolup, kynçylyk çekmän ýöräp bilýän bolsa, onda juma namazyna gider, tersine ýöräp bilmeýän, kynçylyk çekýän adam-da gitmez.

Juma namazynyň hakyky we geçerli hasaplanylmagynyň şertleri

Bu şertler hem alty sanydyr:

1.      Juma namazy okalýan ýeriň şäher ýa-da şäher tipli bolmagy.

2.      Juma namazyny döwlet tarapyndan wezipe berlen bir adamyň okatmagy.

Uly bir köpçülik görnüşinde berjaý edilýän Juma namazyny okatmak isleýän adamlaryň arasynda, biri “men okatjak”, başgasy “men okatjak” görnüşindäki özara düşünizmezligiň ýüze çykyp biljekdigi ýaly, bir topar adam bir adamy goldap, beýleki topar-da başga birini öňe tutmaga synanyşyk edip bilerler. Namazyň wagt taýdan haýsy wagtda okaljagy babatynda-da düşünişmezlik bolup biler.

Şol sebäpli, Juma namazyny okatmak babatdan musulmanlaryň arasynda döräp biljek düşünişmezliklere ýol bermezlik hem-de bir anyk düzgün bolmagy üçin Juma namazyny okadýanyň döwlet tarapyndan ýörite bellenilen adam bolmagy zerurdyr.

Haýsydyr bir saý-sebäbe görä, rugsat almak mümkinçiligi ýok bolan halatynda musulmanlar bir adamy saýlamak babatda agzybir bolup, bir karara gelse, onda şol adamyň okadan juma namazynyň hakyky görnüşli namaz hasaplanyşy ýaly, ýolbaşçylary musulman bolmadyk ýerlerde-de juma we baýram namazlaryny okamak hökmany we jaýyz hasaplanylýar. (Tahtawi alel-merakil-felah. s. 331, Reddul-Muhtar aleddü-ril-Muhtar (Ibn Abidin). j. 1, 540, el-Fetawal-Hindiýýe. J. 1, s. 146.)

3.      Juma namazynyň öýle wagtynda okalmagy.

Öýle wagty gelmezden Juma namazynyň okalmaýşy ýaly, öýle wagty çykanyndan soňra-da ony okamak dogry däldir.

4.      Namazdan öň hutba okalmagy.

Hutbanyň bir adam bolsa-da köpçüligiň öňünde okalmagy hökmanydyr. Köpçüligiň hassa ýa-da myhman bolmaklygy-da hutba okamak üçin ýeterlikdir. Başga köpçilik bolman, diňe zenana ýa-da bir oglan-uşak bolan halatynda hutba hakyky hutba hökmünde hasaplanylmaýar.

5.      Juma namazy okalýan ýeriň her kim üçin açyk bolmagy.

Juma namazy yslam dininiň esasy şygarlaryndan we özboluşly aýratynlyklaryndan biridir. Şol sebäpli, juma namazynyň açykdan-açyk okalmagy zerurdyr.

Ymam namaz okalýan ýeriň gapysyny gulplasa, onda Juma namazy hakyky namaz hasaplanylmaz. Beýleki adamlaryň girmegine rugsat edilse, onda hakyky hasaplanylar. Bir galanyň gapysyny duşman howpy sebäpli gulplamak zyýan bermez.

6.      Ymamdan başga iň azyndan üç adam bolmaklygy.

Hutba okalýan wagtynda taýýar bolup ýygnanan köpçülik gidip, hutba okalandan soňra başga bir köpçülik gelse, juma namazy ýene dogry hasaplanylýar. Köpçüligiň hassa ýa-da myhman bolmaklygy-da ýerlikli kabul edilýär. Çünki olar ymam bolup bilişleri ýaly, köpçülik hem bolup bilýärler.

Ýöne başga köpçülik bolman, diňe zenan maşgaladyr çagalardan ybarat bolsa, onda olar bilen bilelikdäki juma namazy hakyky hasaplanylmaýar. Çünki olar ymamlyk edip bilmezler. Hatda iki erkek adam bilen bir zenana ýa-da bir çaganyň gatnaşan halatynda-da juma namazy hakyky hasaplanylmaýar.

Hutba

Hutbanyň özeni Allatagalany zikir etmekden ybaratdyr. Arap dilinden başga bir dilde-de aýdylyp, okalyp biler.

Alla şükür etmek, ony ýatlamak we oňa ýüz tutmak bilen hutbanyň parzy berjaý edilýär, ýöne sünneti terk edilendigi üçin mekrudyr.

Hutbanyň hakyky bolmaklygy üçin gerekli esasy şertler

 

a.       Hutbanyň namazdan öň okalmagy,

b.      Hutba görnüşde okalmagy,

c.       Wagt içinde bolmagy,

d.      Hutba okalanda, iň azyndan köpçülikden bir adamyň bolmagy,

e.       Bu adamyň özi bilen bile juma namazy okajak ýene bir adamyň bolmagy,

f.        Hutba bilen namazyň arasynyň namaza çapraz gelýän bir iş bilen bölünmezligi (nahar edinme, iýip-içme ýaly).

Hutba iki sanydyr, aralary ýönekeý we az wagtlyk bir oturyş bilen aýrylýar. Birinde Alla şükür edilýär. Şaýatlyk andy (kelime-i şehadet) okalýar we salawat aýdylýar. Birinji hutbada aýat okalyp, wagyz edilýär, öwüt-nesihat berilýär. Ikinji hutbada musulmanlara ýagşy niýetli doga okalýar.

Hutbanyň sünnetleri

1.Hatybyň hutbadan öň münber tarapda bolmagy,

2.Münbere çykan wagty oturmagy,

3.Azanyň hatybyň ýanynda okalmagy,

4.Azan okalandan soňra, hatybyň iki hutbany-da dik durup okamagy, (sebäpsiz hutbany oturyp ýa-da ýassanyp okamak mekrudyr.)

5.Hutbany köpçülige bakyp okamak,

6.Hutba, sessizje Euzü-Bismilla çekeniňden soňra, Alla şükür edip başlamak, şaýatlyk we güwälik antlaryny okamak we Pygamberimize salawat getirmek.

7.Wagyz etmek we öwüt-nesihat bermek,

8.Gurhandan bir aýat okamak,

9.Iki hutba okamak we iki hutbanyň arasynda üç aýat okaljak wagtdan köp oturmazlyk,

10.               Ikinji hutba hem Alla şükür etmek we Pygamberimize salawat getirmek bilen başlamak,

11.               Musulmanlar üçin ýagşy dilegler we dogalar etmek,

12.               Ikinji hutbada sesiňi birinji hutba garanyňda biraz peseltmek,

13.               Her iki hutbany-da aşa uzatmazlyk,

14.               Hutba gutarandan soňra kamat aýtmak.

Hutba okalýan wagtynda geplemekligiň mekru bolşy ýlay, gepleýä- ne “goý” diýmeklik-de mekrudyr.

Hatybyň münbere çykmagyndan başlap, juma namazynyň parzy okalýança, geplemek, gepläne “gürleme” ýa-da “goý” diýmek, Gurhan okamak, salawat getirmek, (pygamberimize salat we salam getirilmegi zerur ýagdaý bolsa, onda muny içinden aýdar), tesbi sanamak, berlen salamy almak, iýmek we içmek ýaly hutbany diňlemeklige päsgel bolan zatlar mekrudyr. Görlen bir ýalňyşy baş, göz we el yşaraty bilen düzeltmeklige synanyşyk etmek mekru däldir. Hutba okalýarka, namaz okamak hem mekrudyr. Hatyp münbere çykmazdan öň, juma namazynyň başky sünnetine başlaýan adam hatyp heniz hutba okamaga başlamadyk bolsa, wajyplaryny berjaý edip, namazyny derrew gutarmalydyr. Hutba okalanda, isledigiçe oturyp biler, ýöne namazda oturan ýaly oturmak ýerliklidir.

Bir sebäbi bolup, juma namazyna gitmeýänleriň (hassa, ýolagçy, we tussag bolanlar ýaly) juma güni öýle namazy juma namazyny okanyndan soňra okamaklary mustehapdyr. Jumadan öň okamaklary bolsa mekrudyr.

Bir sebäbi bolup, ýa-da sebäpsiz juma namazyna gitmeýänleriň anna güni juma namazy okalan ýerde öýle namazyny köpçülik bilen okamaklary mekrudyr. Juma namazyny okalmaýan oba we 3-5 öýli çölde ýaşaýan bolsa mekru däldir.

Juma namazynda ymama ikinji rekagatda ýetişen adam ymam salam bereninden soňra juma namazyny tamamlar we juma namazyna ýetişen hasaplanylar.

Juma namazynyň okalyşy

Juma namazy dört sany başky sünnet, iki sany parz we dört sanysyda ahyrky sünnet bolup, jemi on rekagatdan ybaratdyr.

Anna güni öýle wagty azan okalandan soňra, ilki dört rekagatdan ybarat bolan başky sünneti okalar. Munuň niýeti şeýledir: “Niýet kyldym Allanyń razylygy üçin bu günki juma namazynyń owwalky sünnetini okamaga” Juma namazynyň başky sünnetiniň okalyşy edil öýle namazynyň dört rekagat sünneti ýalydyr. Sünnet okalandan soňra hatyp münbere çykar we oturar. Ondan soňra metjidiň içinde ýene bir gezek azan okalar. Hutba bitende kamat aýdylar we juma namazynyň iki rekagat parzy köpçülik bolup okalar. Ymamyň yzyndaky köpçülik şeýle niýet eder: “Niýet kyldym Allanyń razylygy üçin bu günki juma namazynyń parzyny okamaga uýdum bu ymama”

Parzdan soňra jumanyň dört rekagat ahyrky sünneti okalar. Munuň okalyşy-da juma namazynyň başky sünneti ýalydyr. Niýeti şeýledir: “Niýet kyldym Allanyń razylygy üçin bu günki juma namazynyń sońky sünnetini okamaga.”

Şeýlelik bilen Juma namazy tamamlanar.

Zuhr-i Ahir namazy

Bir oturymly ýerde birden artyk metjitde juma namazy okalyp okalmajagy babatynda yslam alymlarynyň arasynda dürli garaýyşlar bardyr. Hanefi messebinde kabul edilen garaýyş şeýledir, ýagny bir oturymly ýerde birden artyk metjitde okalan juma namazynyň hakyky namaz hökmünde hasaplanylmagydyr.

Ýöne ymam Ebu Ýusubyň garaýşyna görä, juma namazy bir ýerde diňe ýeke metjitde, şäher uly bolsa ýa-da onuň ortasyndan derýa akyp geçýän bolsa, onda diňe iki sany metjitde okalyp bilner.

Şafiiler bolsa, “zerurlygy ýok bolsa, diňe bir metjitde okalyp bilner” diýýärler. Bu ymamlara görä, bir ýerde birden artyk juma namazy okalan halatynda namaza birinji başlaýanlaryň namazy hakyky hasaplanylar, soňra, ýagny yza galanlaryň namazy bolsa hakyky hasaplanylmaz. Hemmesiniň birlikde okamagy we haýsy biriniň öň okandygy şübheli bolmagy ýagdaýynda bolsa, hiç biriniňki hakyky bolmaz.

Bu ýagdaýda juma namazynyň şertlerinden biri ünsden düşürilen we juma namazynyň hakykylygy şübhelige öwrülýär.

Şeýle garaýyşda bolanlar jumanyň hakyky bolmazlygynyň öňüni almak üçin hem-de wagtyň parzyny almak maksady bilen “Zuhr-i ahir” atly dört bölümden bolan namazyň okalmagyny ýerlikli hasaplaýarlar.

Birden köp metjitde juma namazlarynyň hakyky bolýandygy we şol sebäbe görä-de zuhr-i ahir namazyny okamaga zerurlygyň ýokdugyny aýdýanlar “Jumadan soňra “Zuhr-i ahir” namazyny okamak hökman däldir. Bu ýerde esasy zat iki delilden iň güýçlüsi haýsy bolsa, şonuň bilen amal etmekdir. Bu babatda iň güýçli delil birden artyk metjitde juma namazyny okamaklygyň jaýyz bolmaklygydyr” diýip belleýärler.

Bu ýagdaýda juma namazy hakyky bolup, öýle namazynyň ýerine geçendigi üçin şol, gün ýörite öýle namazyny okamaklyga zerurlyk ýokdur.

Bu iki garaýyşdan haýsy hem bolsa birine gulluk etmek dogrudyr. Şol sebäpli juma namazyny okan bir adam jumadan soňra “zuhr-i ahiri” (soňky öýle) niýeti bilen dört rekagat ýene namaz okamaklyga mejbur däldir. Çünki juma namazy öýle namazynyň ýerini tutýandygy üçin şol gün aýratyn öýle namazy okalmaz. Şunuň bilen birlikde, “zuhr-i ahiri” okamaklyga bir päsgelçilik-de ýokdur. Isleýän dört rekagat “Zuhr-i ahiri” (soňky öýle) bilen iki rekagat-de wagt sünneti okar.

“Zuhr-i ahir” namazyna: “Niýet kyldym Allanyń razylygy üçin waktyna ýetişip entek kylmadygym sońky öýle (zuhri ahyr) namazyny okamaga” diýip niýet ediler. Bu soňky öýle namazy öýläniň dört rekagat parzy ýaly okalmak bilen birlikde, sünnetler hem bolşy ýaly dört rekagatyň hemmesinde Fatihadan soňra süre okalmagy has ýerlikli hasaplanylýar.

Iki rekagatly wagt sünnetine-de şeýle niýet ediler: “Niýet kyldym Allanyń razylygy üçin waktyń sünnetini okamaga” Bu namaz-da ertir namazynyň sünneti ýaly okalýar.